Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

Kremlçi gazet Russiýanyň uruşda ölen esgerleriniň sanyny çap etdi we öçürdi

0
Russiýanyň Kremle tarapdar “Komsomolskaya Pravda” gazetinde Ýewropadaky söweşlerde Russiýanyň 10 000 töweregi esgeriniň ölendigini görkezýän maglumat çap edilip, ol salym geçmänkä öçürildi. 


Gazet 20-nji martdaky onlaýn neşirinde çap edilen habarda Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp, 24-nji fewralda başlan uruşda häzire çenli 9861 rus esgeriniň ölendigini habar berdi.


Habar serişdelerine, şol sanda dpa we “The Wall Street Journal” gazetine bu maglumat 21-nji martda arhiw görnüşinde göründi.


Rus gazeti bu habar ýa-da onuň öçürilmegi barada hiç bir beýanat etmedi. 


Russiýa biraz öň uruşda 498 adamyň ölendigini resmi taýdan tassyklady, ýöne soňra bu sana hiç bir üýtgetme girizmedi.


ABŞ we ukrain resmileri uruşda ölen rus harby gullukçylaryny sanyny 7000-den gowrak diýip çaklaýarlar. Käbir çaklamalara görä, uruşda öldürilen rus esgerleriniň sany 10,000 töweregi hem bolup biler.


Ýöne häzir bu sanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin däl. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса