Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

“Roskomnadzor” Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň rus dilindäki saýtlaryny petikleýär

0

Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasynyň 26-njy martdaky talaby boýunça, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň rus dilindäki web sahypalarynyň azyndan üçüsine girmek çäklendirilýär.

Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän “Roskomnadzor” Russiýanyň çäginde Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin rus dilinde habar çap edýän saýtlaryny, Radio Azattyk (Gazagystan), Azatlyk Radiosy (Türkmenistan), Ozodi Radio (Täjigistan) neşirlerini petikledi.

Russiýanyň garaşsyz metbugat neşiri “Mediazona” bu habary “Roskomnadzora” salgylanyp çap etdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina goşun süreli bäri rus häkimiýetleri köp sanly maglumat çeşmesini, şol sanda Azatlyk radiosynyň web sahypalaryny we birnäçe taslamasyny petiklediler.

Rus harbylaryny işi barada häkimiýetler tarapyndan ynamdar hasaplanylmadyk ‘galp’ maglumatlary ýaýratmak üçin uzak möhletleýin türme tussaglygyny nazarda tutýan täze kanunyň çykarylmagy bilen, bir topar neşir Ukraina barada habar bermegini wagtlaýynça togtatdy ýa-da bes etdi.

“AÝ/AR-nyň rus dilindäki saýtlary Merkezi Aziýadaky rus dilli diňleýjileriň, şeýle-de bu sebitlerden gelip, Russiýada işleýän we ýaşaýan adamlaryň habar, maglumat almagy üçin wajyp rol oýnaýar” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý aýtdy.

Emma Kremliň Ukrainadaky betbagtçylykly urşy babatynda habar berýän ähli garaşsyz maglumat serişdelerine senzura girizmek üçin edýän aýylganç tagallalary indi olara hem täsir etdi. Biz öz berýän habarlarymyzyň mazmunyny senzura sezewar etmeris we özmiziň gepleşik berýän 27 dilimiziň ählisinde diňleýjilerimize hakykaty aýtmagy dowam etdireris "diýip, Flaý sözüniň üstüni ýetirdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Первая ракета мира Джокович получил бутылкой по голове после матча в Риме






Пятиэтажный дом частично обрушился в Республике Коми

В Москве жители дома две недели слышат мяуканье запертой в квартире кошки

Путин утвердил структуру нового правительства РФ

В Смоленской области ввели «оранжевый» уровень погодной опасности