Russiýa Ukrainada 1,351 esgerini ýitirendigini aýdýar
Ýokary derejeli harby resmiler 25-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başlan harby hereketlerinden bäri geçen wagt içinde 3850 rus esgeriniň ýaralanandygyny aýtdylar.
Rus resmileri 2-nji martda Ukrainadaky söweşlerde çak bilen 498 esgeriň ölendigini habar berdiler. Emma Russiýanyň öňki beren maglumaty-da, soňky beren maglumatlary hem beýleki taraplaryň berýän maglumatlaryndan düýpli tapawutlanýar.
NATO-nyň bir resmisi 24-nji martda AP habar gullugyna Russiýanyň Ukrainadaky söweşlerde ýitiren esgerleriniň sanynyň 7,000 bilen 14,000 aralygynda diýlip çaklanylýandygyny aýtdy, ýöne bu sanlary iki tarapdanam garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin däl.
"Nýu-Yorkork Taýms” gazetiniň 16-njy martda, ABŞ-nyň konserwatiw aňtaw resmilerine salgylanyp ýazmagyna görä, Russiýanyň Ukrainada 7 müň töweregi esger ýitiren bolmagy mümkin.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş edarasynyň 23-nji martda ýazan twitinde aýdylmagyna görä, söweşlerde 15 000-den gowrak rus esgeriniň ölendigi çaklanylýar.
