Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2022

BMG “Talybanyň” gyzlara we metbugata garşy gadaganlyklaryndan alada bildirýär

0
BMG “Talybanyň” gyzlara we metbugata garşy gadaganlyklaryndan alada bildirýär

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň aýal-gyzlara we habar beriş serişdelerine girizýän gadaganlyklaryny güýçlendirmeginden çuňňur alada bildirdi.

Owganystanda golaýda BBC we “Amerikanyň sesi” (VOA) neşirleri babatynda hem täze gadagançylygyň girizilendigi habar berildi.

"Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary... ähli owganlylar, şol sanda gyzlar üçin bilim almak hukugyny gaýtadan tassyklady" diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň 27-nji martda çap eden beýanatynda aýdylýar.

23-nji martda "Talyban" resmileri ýurt boýunça orta mekdepleriň ýokary klaslarynda okaýan gyzlara girizen gadagançylygynyň möhletini uzaltdy. Bu gadagançylyk ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlarynyň ýurtdan çykýan wagtynda BMG tarapyndan goldanylýan hökümetiň Kabuldan gaçmagy bilen, ýurduň köp bölegini ele geçiren “Talyban” söweşijileri tarapyndan girizildi.

AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, "Talyban" Owganystandaky awiakompaniýalara, ýanlarynda erkek garyndaşy bolmasa, aýal-gyzlaryň uçarda uçmagyna ýol bermezligi buýurdy.

Şu aralykda, BBC-niň Puştun gullugy 27-nji martda puştun, pars we özbek dillerindäki habar býulletenleriniň Owganystanda efirden aýrylandygyny habar berdi.

BMG-niň Owganystandaky milli kömek missiýasy halkara habar beriş serişdelerine garşy görlen çäräni "ýene bir hopukdyryjy göçüm" diýip häsiýetlendirdi. 

Şu aralykda, owgan metbugat läheňi MOBY toparynyň bir çeşmesi dpa habar gullugyna, "Talybanyň" aňtaw gullugynyň buýrugy esasynda, “Amerikanyň sesiniň” (VOA) berýän gepleşikleriniň  hem 27-nji martda togtadylandygyny aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






Мишустин: в России продлят программу маткапитала

Под Москвой пассажирский поезд задавил подростка

«Как минимум»: синоптик Леус рассказал, когда на Земле завершатся магнитные бури

В Наро-Фоминске ликвидировали крупный пожар в ангаре